Girmek

«Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

25 iýul 2026 0
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyplaryň arasynda geçirilen «Etut.developer» atly hakaton bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetindeň habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, uniwersitetiň «Oguz han» ylmy-tehnologiýa merkeziniň binýadynda geçirilen çärä ýurduň 15 ýokary okuw mekdebiniň her birinden bir topar gatnaşdy. Hakatonyň dowamynda gatnaşyjylara «Etut.developer» bilim web-saýtynyň özboluşly görnüşlerini döretmäge hem-de onuň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen innowasion pikirlerini we işläp taýýarlamalaryny hödürlemek teklip edildi.  Netijede Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň toparlary 1-nji orna mynasyp boldular. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 2-nji orny eýelediler. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň talyplar toparlary 3-nji orna eýe boldular.